BIZ
__
Biz hakda
Täze hyzmat – gozgalýan we gozgalmaýan emläge baha kesmek boýunça konsalting, şeýle-de komission awtoulag dükany ulgamynda ýokary hünär derejeli hyzmatlary edýän kompaniýa. Gysga wagtyň içinde kompaniýa özugry boýunça hyzmatlaryň doly toplumyny berýän ýeke-täk kompaniýa öwrüldi we 400-den gpwrak taslamany durmuşa geçirdi.
Ýokary hil uly islegiň döremegine getirdi. Biziň müşderilerimiz dürli pudaklara degişli kompaniýalar, ýagny hem iri, hem kämilleşmäge we netijeli ösüşe gönükdirilen uly bolmadyk kompaniýalardyr. Biziň maslahatlarymyz elmydama ykdysady taýdan barlanan we takyk hasaplamalara esaslanan, ösüşiň we satuwlaryň netijeliligini ýokarlandyrmagyň iň gowy tejribesine daýanýar.
Işleýän döwründe kompaniýada ussat hünärmenleriň agzybir topary emele geldi, olaryň baý tejribesiniň kömegi bilem kompaniýa çylşyrymlylygynyň islendik derejesi bolan meseleleri üýtgewsiz çözmäge ukyply.


BIZIŇ
__
Biziň wezipämiz
“Täze hyzmat” konsalting toparynyň wezipesi – bu Müşderileriň işewürligini täze derejä çykarmakda ýokary hilli hyzmatlary we hünär kömegini bermek. Biz her bir Müşderä hormat goýýarys we bize bildirilen ynamy ödemäge çalyşýarys.
Ussatlykly çemeleşme, gizlinlik, netijelilik, öz-özüňi kämilleşdirmek, toparyň içinde we Müşderiler bilen hyzmatdaşlyk etmek – bu aýratynlyklar biziň hünärmenlerimiziň gündelik işini tapawutlandyrýar.
“Täze hyzmat” döwrebap kompaniýasy – bu ussat hünärmenleriň düzümi işleýän we uly saýlawly hyzmatlary teklip edýän gurama.



