Emläge baha kesmek
Biziň kompaniýamyz emlägiň ähli görnüşlerine baha kesmek boýunça fiziki we ýuridiki şahslara hyzmatlaryň doly toplumyny berýär.
Gozgalmaýan emläge baha kesmek
Gozgalmaýan emläge baha kesmek – bu gozgalmaýan emläk obýektleriniň aktual bazar bahasyny kesgitlemek üçin niýetlenen çäreler toplumy.
Gozgalmaýan emläge baha kesilende üç usuly ulanýarlar: düşewüntli, harajatly we deňeşdirme (bazar). Prosedura kanun boýunça hökmanydyr.
Ýaşalýan gozgalmaýan emläge baja kesmek üçin zerur bolan resminamalar:
• Eýesiniň pasporty, aýalynyň (äriniň) pasporty;
• Nika hakynda şahadatnama ýa-da RÝNÝ-dan raýat ýagdaýy hakynda kepilnama;
• Eýeçilik hukugynyň esasy (satyn almak-satmak, sowgat etmek, miras goýmak şertnamasy, eger özbaşdak gurulan bolsa – ulanyşa girizmegiň delilnamasy);
• Gozgalmaýan emläge eýeçilik hukugy hakyndaky şahadatnama;
• Tükelleýiş işi;
• Öý kitaby;
• Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan berlen tussagyň ýoklugy barada göçürme;
• Bar bolan ýagdaýynda ýere bolan hukuk (eger hususy öýe baha kesilýän bolsa).
Söwda degişli gozgalmaýan emläge baha kesmek üçin zerur resminamalar (fiziki şahslar)
• Patent, hasaba alyş şahadatnamasy + girdejiler barada deklarasiýa (bar bolan ýagdaýynda);
• Eýesiniň pasporty, aýalynyň (äriniň) pasporty;
• Nika hakynda şahadatnama ýa-da RÝNÝ-dan raýat ýagdaýy hakynda kepilnama;
• Eýeçilik hukugynyň esasy (satyn almak-satmak, sowgat etmek, miras goýmak şertnamasy, eger özbaşdak gurulan bolsa – ulanyşa girizmegiň delilnamasy);
• Gozgalmaýan emläge eýeçilik hukugy hakyndaky şahadatnama;
• Ýer bölegine eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama ;
• Tükelleýiş işi;
• Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan berlen tussagyň ýoklugy barada göçürme;
Söwda degişli gozgalmaýan emläge baha kesmek üçin zerur resminamalar (ýuridiki şahslar)
• Esaslandyryş resminamalary (düzgünnama, ÝŞÝDR, bellige alnandygy barada şahadatnama, statistiki ýazmaç, ýuridiki şahsyň rekwizitleri, ygtyýarnama, Döwlet standartly şahadatnamalar);
• Direktoryň pasporty, onuň bellenendigi hakynda buýruk, ynanç haty (şahamçalar üçin);
• Buhgalterçilik resminamalary (maliýe hasabatlylygy, ilkibaşdaky we galyndy baha, ulanyş tutumy);
• Eýeçilik hukugynyň esasy (satyn almak-satmak, sowgat etmek, miras goýmak şertnamasy, eger özbaşdak gurulan bolsa – ulanyşa girizmegiň delilnamasy);
• Gozgalmaýan emläge eýeçilik hukugy hakyndaky şahadatnama;
• Tükelleýiş işi;
• Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan berlen tussagyň ýoklugy barada göçürme;
• Başga maliýe we hojalyk resminamalary (talap edilen ýagdaýynda).
Goşmaça kommunikasiýalar, inžener ulgamlary, kärendeçiler we beýlekiler boýunça resminamalar gerek bolup biler.


Gozgalýan emläge baha kesmek
Gozgalýan emläge baha kesmek (ýa-da bilermenleriň barlagy) – bu eýeçilik obýektleriniň uly sanawynyň pul nyrhyny kesgitlemek. Onuň ýaly obýektlere awtomobiller, enjamlar, tehnologiýa toplumlary we ençeme beýlekiler degişli.
Hünärmenleriň ulaglara ýa-da enjamlara baha kesmegi üçin biziň kompaniýamyzyň müşderilerine şu aşakdaky resminamalary görkezmek möhümdir:
• Obýektiň doly ady: kysymy, görnüşi, seriýasy;
• Öndüriji zawod (firma);
• Goýberilen senesi;
• Ulaglara we enjamlara tükelleýiş ýazmaçlarynyň göçürmeleri, olarda hökmany suratda şu maglumatlar bolmaly: tükelleýiş belgisi, ulanyşa girizilen senesi, ulanyş tutumynyň belgisi we kadalary, ilkibaşdaky bahasy (ulanyşa girizilen senesindäki nyrhy) – eger eýesi ýuridiki şahs bolsa;
• Baha kesilen senesinde ulaglaryň we enjamlaryň balans bahasy baradaky buhgalterçilik kepilnamasy (dikeldiş bahasyny, könelme puluny we göterimini hem-de galyndy bahasyny görkezmeli) – eger eýesi ýuridiki şahs bolsa;
• Tehniki pasportlaryň göçürmeleri ýa-da eger ýok bolsa – obýektiň tehniki häsiýetnamalary (kuwwaty, agramy, ölçegleri, ylgawy, öndürijiligi we ş.m. – tehniki resminamalara laýyklykda);
• Saklanmagy we abatlanmagy barada maglumatlar (bölekleriň, enjamlaryň çalşylmagy, kämilleşdirilmegi).





