Ätiýaçlandyryş hyzmatlary
“Täze hyzmat” kompaniýasy agentlik ylalaşygynyň esasynda “Ätiýaçlandyryş hyzmatlary” ýaňyk paýdarlar jemgyýetiniň Ýumuşçysy bolýar we ätiýaçlandyryş hyzmatlaryny berýär.
Ätiýaçlandyryş – bu fiziki we ýuridiki şahslaryň töleýän ätiýaçlandyryş gatançlaryndan (ätiýaçlandyryş baýragyndan) emele getirilýän pul gaznalarynyň (ätiýaçlandyryş gaznalarynyň) hasabyna belli bir hadysalar (ätiýaçlandyryş ýagdaýlary) bolan ýagdaýynda fiziki we ýuridiki şahslaryň (ätiýaçlandyrýanlaryň) emläk bähbitlerini goramak boýunça ätiýaçlandyrýanyň we täiýaçlandyryjynyň arasyndaky gatnaşyklar.
Türkmenistanda ätiýaçlandyrmanyň iki görnüşi bar: hökmany we meýletin.
Ätiýaçlandyrmanyň görnüşleriniň arasyndaky tapawut:
• Hökmany ätiýaçlandyryşyň görnüşleri, şertleri we ony geçirmegiň tertibi bellenýän Türkmenistanyň kanunçylygynyň güýji bilen amala aşyrylýan ätiýaçlandyryş hökmanydyr.
• Ätiýaçlandyryşyň hökmany görnüşlerini geçirmek Türkmenistanyň döwlet ätiýaçlandyryş edaralaryna ýüklenýär.
• Meýletin ätiýaçlandyryş ätiýaçlandyrýanyň we täiýaçlandyryjynyň arasyndaky şertnamalaryň esasynda amala aşyrylýar.
• Meýletin ätiýaçlandyryşy geçirmegiň şertlerini we tertibini kesgitleýän düzgünler ätiýaçlandyryjylar tarapyndan Türkmenistanyň “Ätiýaçlandyryş hakyndaky” Kanunynyň düzgünlerine laýyklykda bellenýär.
Biziň hyzmatlarymyz:
• Fiziki we ýuridiki şahslaryň gozgalýan emlägini ätiýaçlandyrmak
• Fiziki we ýuridiki şahslaryň gozgalmaýan emlägini ätiýaçlandyrmak
• Fiziki we ýuridiki şahslaryň awtoulag serişdelerini meýletin ätiýaçlandyrmak
• Fiziki we ýuridiki şahslaryň binalaryny, desgalaryny, ýyladyşhanalaryny, ammarlaryny meýletin ätiýaçlandyrmak
• Ätiýaçlandyrmanyň bahasyny hasaplamak
“Täze hyzmat” HK şu tarifler boýunça ätiýaçlandyryş hyzmatlaryny berýär:
• Tarif 1,5% – fiziki we ýuridiki şahslaryň gozgalýan emläginiň awtoheläkçiligi bolanda;
• Tarif 0,34 % – fiziki şahslaryň gozgalmaýan emlägi ýananda ýa-da tebigy betbagtçylyga duçar bolanda;
• Tarif 0,15% – söwda degişli gozgalmaýan emläk tebigy betbagtçylykda zaýalanan ýagdaýynda;
• Şeýle-de sil alan, ogurlyk bolan, penjireler we aýnalar döwülen ýagdaýyndaky beýleki tarifler.




